Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we ylmy-barlag institutlarynyň täze binalar toplumynyň taýýarlanylan taslamalary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda bu ýerde oba hojalygy bilen bagly iş maslahatyny geçirdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berilmegine görä, iş maslahatynyň barşynda döwlet Baştutany obasenagat toplumynyň ähli düzümleriniň işini kämilleşdirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýokary öndürijilikli we ýurduň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän kuwwatly tehnikalary satyn almak meseleleriniň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny, şunda daýhan zähmetine, olar üçin ýeňillikli şertleriň döredilmegine yzygiderli üns berilmelidigini belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, daýhanlary ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak üçin zerur bolan şertleri üpjün etmegiň, degişli teklipleri taýýarlamagyň wajypdygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, munuň özi daýhanlaryň ýere bolan höwesiniň has-da artmagynda, olarda yhlasly zähmete uly hyjuw döremeginde, öndürilýän önümleriň möçberleriniň yzygiderli artmagynda we ýurduň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de kuwwatlanmagynda aýratyn ähmiýetlidir.
Döwlet Baştutanynyň ýurduň edermen daýhanlarynyň ýaşaýyş-durmuşynyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna gönükdirilen, olary öndürijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýan ähmiýetli başlangyjy iş maslahatyna gatnaşyjylarda uly buýsanç döretdi.

