Prezident Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmony doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu barada täjik lideriniň Metbugat gullugy habar berýär.
Şu gün Emomali Rahmon 71 ýaşady.
«Siziň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygyňyzda Täjigistan Respublikasy uly üstünlikleri gazandy we halkara giňişligindäki abraýyny yzygiderli artdyrýar» diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlag hatynda bellenilýär.
Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Prezident Serdar Berdimuhamedow netijeli gatnaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini görkezýändigini nygtady.
Döwlet Baştutany Emomali Rahmona saglyk, maşgala abadançylygyny we bagt, Täjigistanyň dogan halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

