ITEA IT-akademiýasy «Programmirlemegiň esaslary» okuw kurslaryna ýazylyşygyň dowam edýändigini habar berýär. 30-njy sentýabra çenli ýazylanlaryň ählisi okuwlar üçin 50% arzanladyş bilen üpjün edilýär.
Okuw maksatnamasy aşakdaky mowzuklary öz içine alýar:
- Programmirlemä giriş;
- algoritmler we maglumatlaryň gurluşy;
- programmirleme dilleri;
- web-işläp düzmegiň esaslary;
- mobil işläp düzmegiň esaslary;
- ulgamlaýyn programmirlemegiň esaslary.
Okuw kursy bu ugur bilen täze tanşyp, ilkinji ädimlerini ädýänler üçin amatlydyr. Sapaklarda programmirlemegiň esasy düşünjeleri bilen, koduň nämedigi we nähili işleýändigi bilen tanyşlyk geçirilýär. Programmirlemegiň esaslaryny bilmek häzirki döwrüň iň meşhur we ýokary zähmet haky tölenýän hünärleriniň birini edinmäge mümkinçilik berer.
Okuw kursuna 15 ýaşdan we ondan ulular çagyrylýar. Sapaklar bir ýarym aýyň dowamynda hepdede üç gezek geçirilýär.
Ýazylyşyk şu salgy, şeýle hem şu telefon belgileri boýunça amala aşyrylýar: (+993 63) 42 67 51 we (+993 63) 47 112.
