12-nji sentýabrda Bişkekde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň döwlet maglumat agentlikleriniň ýolbaşçylar geňeşiniň XXIX ýygnagy geçirildi. Duşuşyga Azerbaýjan, Belarus, Gyrgyzystan, Russiýa Federasiýasy, Täjigistan döwlet habarlar gulluklarynyň ýolbaşçylary, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de bu halkara çärä Özbegistanyň we Türkmenistanyň döwlet habarlar agentlikleriniň wekilleri hem çagyryldy.
Duşuşykda TASS-yň baş direktory Andreý Kondraşow GDA-nyň Maglumat geňeşiniň başlygy wezipezine saýlanyp, bu karar biragyzdan goldanyldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar döwlet habarlar gulluklarynyň 2022-2023-nji ýyllarda alyp barýan işleriniň netijelerini, 2024-nji ýyl üçin ileri tutulýan işleriň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Hususan-da, GDA-da 2024-nji ýylda «Meýletin hereket ýyly» we 2025-nji ýylda «Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygy we faşizmiň garşysyna göreşde Parahatçylyk we agzybirlik ýyly» hökmünde yglan edilmegi bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Geljekde arkalaşygyň çäginde GDA halklarynyň ýeňişe goşan goşandyny hasaba alyp, ata-babalardan galan däp-dessurlary dowam etdirmek, medeni, ýaşlar we sport paýtagtlary ýaly taslamalara has-da uly üns bermek meýilleşdirilýär.

