Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow «Gazagystanyň gumanitar hukuk uniwersiteti» paýdarlar jemgyýetiniň (КазГЮУ) müdiriýetiniň başlygy Talgat Narikbaýew bilen duşuşdy.
Türkmen ilçihanasynyň Metbugat gullugynyň habaryna görä, taraplar bilim ulgamynda pikir alyşdylar. Talgat Narikbaýew uniwersitetiň işi we daşary ýurt uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlyk boýunça alyp barýan işlerini tanyşdyrdy.
Batyr Rejepow Türkmenistanda bilim pudagyndaky özgertmeler, şol sanda ýurduň Bilim ministrliginiň abraýly uniwersitetleriň reýtingine girmek boýunça alyp barýan işleri barada belläp geçdi.

Ilçi КазГЮУ-nyň ýolbaşçylygyny 10 — 12-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek Halkara saglyk forumyna çagyrdy.
Gazak tarapy hem öz gezeginde Batyr Rejepowa КазГЮУ-da leksiýa bermegi teklip etdi we uniwersitet boýunça tanyşlyk saparyny gurady.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen ilçisi türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy işini КазГЮУ-nyň kitaphanasyna sowgat etdi.

