Russiýa bilen Türkmenistan Hytaýa gaz üpjünçiligi meselesinde hyzmatdaşlyk edýär we bu bazarda bäsdeşlik etmeýär. Muny Russiýanyň Aşgabatdaky ilçisi Iwan Wolinkin TASS-a beren interwýusynda mälim etdi.
Ondan öň «Reuters» agentligi Hytaýyň Türkmenistandan gaz ibermek üçin Merkezi Aziýada gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlaşdyrmagy maksat edinýändigini habar berdi. «Reuters» agentligi bu ýagdaý Russiýanyň «Sibiriň güýji - 2» gaz geçirijisiniň taslamasyny «haýalladyp biler» diýip hasaplaýar.
«Rus-Türkmen strategik hyzmatdaşlygy diňe bir sözde däl, eýsem iş ýüzünde-de äşgär ýüze çykýar. Berlen soragyň çäginde, biziň ýurtlarymyzyň Hytaýa gaz üpjünçiligi meselesinde asla bäsdeş däldigini, tersine, Asman şalygynyň depginli ösýän bazaryny mawy ýangyç bilen dolduryp biljekdigini ynam bilen aýdyp bilerin» diýip, ilçi belleýär.
Ilçi Russiýanyň we Türkmenistanyň uglewodorodlary ygtybarly üpjün edijilerdigini aýtdy.
«Şol bir wagtyň özünde, biziň ýurdumyz esasan Hytaýyň demirgazyk we demirgazyk-gündogar sebitlerine gaz berýär, Türkmenistan bolsa günbatar welaýatlara gaz iberýär» diýip, Wolinkin düşündiriş berdi.

