Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde deňhukukly, birek-birege ynanyşmak esasynda ýola goýulýan özara bähbitli döwletara gatnaşyklaryň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, telefon arkaly söhbetdeşligiň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady we onuň ýolbaşçylygynda Özbegistan Respublikasynda durmuş-ykdysady ösüşde ägirt uly üstünlikleri gazanandygyny hem-de halkyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny belledi.
— Häzirki döwürde Özbegistan okgunly ösýän hem-de ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine ägirt uly goşant goşýan ýurtdur. Türkmenistan doganlyk Özbegistan Respublikasy bilen ýola goýulýan gatnaşyklara ýokary baha berýär we asyrlaryň dowamynda ýakyn goňşy hem-de ygtybarly hyzmatdaş bolup durýan ýurt bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda netijeli syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň saklanylýandygy bellenildi. Iki ýurduň dünýä we sebitleýin syýasatyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygy ýa-da doly gabat gelýändigi halkara giňişliginde iki ýurduň tagallalaryny utgaşdyrmak üçin pugta binýat bolup hyzmat edýär.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda yzygiderli we netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Serhetýaka sebitleriň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklar barha işjeňleşdirilýär. Türkmen-özbek söwda-ykdysady gatnaşyklary sazlaşykly ösdürilýär. Medeni, ylmy we ynsanperwer hyzmatdaşlygy üstünlikli giňeldilýär we pugtalandyrylýar.
Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklaryň ählumumy abadançylygyň ugrunda özara bähbitli strategik hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine goşýan ägirt uly goşandy üçin özbek Liderine minnetdarlyk bildirdi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlik, Özbegistanyň we Türkmenistanyň doganlyk halklaryna bolsa, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

