Türkmenistanyň Prezidentiniň ykdysadyýetiň ähli pudaklar üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak, milli bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, täze, döwrebap hünär ugurlaryny kesgitlemek baradaky görkezmesine laýyklykda, 2023-2024-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdepleriniň 10-syna täze hünärleriň 35-si girizildi. Şolaryň 21-si bakalawr, 8-si hünärmen, 6-sy magistr maksatnamalaryny öz içine alýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dalaşgärleriň resminamalaryny kabul ediş toparynyň işine badalga berilýär. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen maglumatlara görä, şu okuw ýylynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde taýýarlyk ugurlarynyň 2-si açylyp, talyplar durmuş işi ugry boýunça bakalawr, pedagogika bilimi ugry boýunça bolsa magistr maksatnamasy esasynda okuwa kabul ediler.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty hem taýýarlygyň durmuş işi ugry boýunça bakalawr, psihologiýa-pedagogika bilimi ugry boýunça magistr maksatnamasyna laýyklykda talyplara bilim berip başlar.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hem maglumat howpsuzlygy ugry boýunça bakalawr, binagärlik we gurluşyk işlerinde raýat goranyşyny meýilleşdirmek, ýol gurluşygy işlerinde raýat goranyşy, himiýa senagatynda we ulanylyşynda raýat goranyşy hünärleri boýunça hünärmen maksatnamasy esasynda talyplara bilim berlip başlanar.
2021-2022-nji okuw ýylyndan tutuşlygyna bilim bermegiň iki basgançakly ulgamyna geçen Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň okuw maksatnamasyna şu ýyl täze taýýarlyk ugurlarynyň birbada 6-sy girizildi. Geljekki ykdysatçylary taýýarlaýan bu ýokary okuw mekdebi taýýarlygyň buhgalterçilik hasaba alnyşy, analiz we audit, maliýe, önümçiligiň ykdysadyýeti we guralyşy, işewürlik-informatika ugurlary boýunça bakalawr, maliýe menejmenti, işewürlik-dolandyryş ýaly ugurlardan bolsa magistr maksatnamalary esasynda talyplary taýýarlap başlar.
Şeýle-de şu okuw ýylynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda täze hünärleriň birbada 8-si açyldy. Indi dalaşgärler demir ýollaryň elektrik üpjünçiligi, lokomotiwler, wagonlar hünärleri boýunça hünärmen, gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy, ýerüsti ulag-tehnologiki serişdeler, sanly infrastruktura we kiberhowpsuzlyk, howa hereketiniň dolandyrylyşy, howa ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak ugurlary esasynda bolsa bakalawr maksatnamasyna laýyklykda öz resminamalaryny tabşyryp bilerler.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti taýýarlygyň maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda), Türkmen oba hojalyk instituty bolsa oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy ugry boýunça bakalawr maksatnamasy esasynda talyplyga kabul eder.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda magistr maksatnamasy esasynda halkara ykdysadyýeti ugry girizilen bolsa, Türkmen döwlet maliýe institutynda telekeçilik we maliýe ugry açyldy.
Täze okuw ýylynda Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy hem ilkinji talyplaryny kabul eder. Döwrebap akademiýanyň okuw maksatnamasyna 9 sany hünär girizilip, şolaryň 2-si hünärmen, 7-si bolsa bakalawr maksatnamalary esasynda işlerini dowam etdirerler.
Ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde her ýylda birnäçe hünärlerdir taýýarlyk ugurlarynyň girizilip, ozal bar bolanlarynyň üstüniň ýetirilmegi bilen, talyplyga kabul edilýän dalaşgärleriň sany hem artyp, ýaşlaryň ylym dünýäsine aralaşmagyna uly mümkinçilik döreýär. Şu okuw ýylynda açylan 35 hünäriň aglabasynyň milli ykdysadyýetiň ulag-aragatnaşyk, obasenagat, telekeçilik, gurluşyk, maliýe-ykdysadyýet hem-de maglumat tehnologiýalary ýaly geljegi uly ugurlary bilen bagly bolmagy agzalan toplumlarda işleri kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň alnyp barylýandygyny görkezýär.

