Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary M.Mämmedow Awstriýa Respublikasynyň durmuş işleri, saglygy goraýyş, durmuş üpjünçilik we sarp edijileri goramak boýunça federal ministrliginiň Ýewropa Bileleşigi, halkara hyzmatdaşlyk, pensiýa we meýletinçiler departamentiniň başlygy Ulrike Neufang arasynda duşuşdy.
5-nji iýulda Awstriýanyň federal ministrliginiň binasynda geçirilen duşuşykda taraplar saglygy goraýyş pudagynda gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, saglygy goraýyş pudagynda gazanylan tejribe we häzirki wagtda alnyp barylýan işler, iki ýurduň degişli lukmançylyk edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen bagly meseleler barada özara pikir alşyldy.

