«Transfermarkt»-iň ýazmagyna görä, «Pari Sen-Žermen» nobatdaky transferini amala aşyrdy.
Pariž kluby Milanyň «Interinden» slowakiýaly Milan Şkrinýary erkin oýunçy hökmünde düzümine goşup, futbolçy bilen möhleti 2028-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli bolan şertnama baglaşdy.
PSŽ, aslynda, futbolçy bilen geçen gyşda ylalaşyp goýupdy, ýöne resmi taýdan transfer şu günlerde yglan edildi.
Şkrinýaryň «Interiň» düzüminde Italiýanyň çempiony, Kubogynyň we Naýbaşy kubogynyň eýesi boldy.
27 ýaşly goragçy Italiýanyň toparynda 242 duşuşyga gatnaşdy. Ol toparda 2017-nji ýylyň tomsundan bäri çykyş edip gelýärdi.
«Transfermarkta» görä, PSŽ-niň täze goragçysynyň bahasy 50 million ýewro ýetýär.

