Türkmenistanda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we suw serişdeleri boýunça seminarlar tapgyryna badalga berildi. Seminarlar Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň bilelikde guramagynda, şeýle hem Ýaşyl howa gaznasynyň maliýe goldawy bilen geçirilýär.
Ilkinji seminarda dünýä, sebit we milli derejedäki howanyň üýtgemegi şertlerinde suw desgalarynyň emele gelmegi, ulanylmagy we goralmagy üçin şertler barada çykyşlar diňlenildi. Şeýle hem, howanyň üýtgemeginiň ykdysadyýet we jemgyýet üçin möhüm bolan suw serişdelerine edýän täsiri barada pikir alyşdylar.
Soňky okuwlaryň çäginde türkmen hünärmenleri suw dolandyryş meseleleri baradaky bilimlerini artdyrýarlar.
Okuw sapaklary ýöriteleşdirilen toparlaryň habarlylygyny artdyrmak Türkmenistanda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly çylşyrymly töwekgelçiliklere garşy durmak ukybyny ösdürmek üçin niýetlenendir.
