Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwaly öz işine başlaýar. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow halkara festiwala gatnaşyjylara Gutlag iberdi. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen Gutlagynda döwlet Baştutany:
— Hormatly myhmanlar! Gadyrly dostlar! Sizi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwalynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilýän bu halkara medeni çäräniň dünýä ýurtlarynyň tans we folklor sungatynyň ussatlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmekde, medeniýet, sungat işgärleriniň özara tejribe alyşmagynda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýaryn.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda geçirilýän «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwaly dostlukly ýurtlaryň arasynda özara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge, dünýä halklarynyň tans hem-de folklor sungatynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşmaga, ony dünýä ýaýmaga uly ýardam berer — diýip belleýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, dünýä halklarynyň tans hem-de folklor sungaty her bir halkyň özboluşly ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini, milli gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Bu sungatyň esasy aýratynlygy ynsan kalbynda sungata bolan söýgini has-da ösdürýändiginden ybaratdyr. Sungata söýgi parahatçylyga, ynsanperwerlige söýgüdir. Tans we folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlary agzybirlige, abadançylyga, dost-doganlyga çagyryşdyr, milli gymmatlyklara sarpa goýmaga ruhlandyryjydyr. «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwalynyň esasy maksady hem dünýä halklarynyň parahatçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine bolan hormat-sarpasyny has-da belende götermekden, özara medeni gatnaşyklaryň binýadyny berkitmekden, halklaryň ruhy gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakdan ybaratdyr. Ýurtlaryň arasynda medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegi dünýäde ählumumy parahatçylyk ýörelgeleriniň dabaralanmagyna uly ýardam berýär.
— «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bagtyýarlygyň we dost-doganlygyň mekanydyr. Hazaryň sapaly kenarynda ýerleşýän Awazada halkara derejede duşuşyklar, dialoglar, forumlar, konsertler we festiwallar yzygiderli geçirilip, dünýä döwletleriniň arasynda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze derejelere götermekde aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bu çäreler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda özara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga, olary dünýä ýaýmaga, giňden wagyz etmäge gönükdirilendir. «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwalynda ýerine ýetiriljek joşgunly çykyşlar hem parahatçylygyň, agzybirligiň, dost-doganlygyň belent waspyna öwrüler — diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany Gutlagynda nygtaýar.

