Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowyň hem-de ýurduň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy. Häkimler welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda galla oragy möwsüminiň guramaçylykly dowam edýändigi, bugdaýdan boşan meýdanlarda sürüm işleriniň geçirilýändigi, gowaça ekilen ýerlerde ideg işleriniň, hususan-da, hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, oňa ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirilýändigi barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanynyň ýazlyk ýeralma we beýleki gök-bakja önümleri bilen bazarlary bolelin üpjün etmek boýunça ozal beren tabşyryklaryny berjaý etmek maksady bilen, häzirki wagtda ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi barada hem hasabatlarda bellenildi.
Degişli hasabatda Lebap welaýatynda şaly ekişiniň guramaçylykly dowam edýändigi barada habar berildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, şu günler dowam edýän bugdaý oragyny ýokary hilli we gysga wagtda tamamlamagyň, bu işlere jogapkärli we toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutany öňde duran wezipeleriň ýerine ýetirilmegi, alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginleriniň güýçlendirilmegi babatda häkimlere birnäçe anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Soňra wise-premýer A.Ýazmyradow ýurtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hasabatyň barşynda Daşoguz welaýatynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň, Lebap welaýatynda şaly ekişiniň dowam edýändigi barada hem aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda örän jogapkärli we möhüm möwsümiň dowam edýändigine ünsi çekdi, şeýle-de wise-premýere galla oragynyň depginleriniň güýçlendirilmegini, orak möwsümine gatnaşýan ähli düzümleriň bökdençsiz we sazlaşykly işledilmegini, bugdaýdan boşan meýdanlarda sürüm işleriniň öz wagtynda we talabalaýyk geçirilmegini, gowaça ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutany welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň hem-de Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

