Ozal habar berşimiz ýaly, düýn Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde Türkmen-täjik işewürlik maslahaty, Işewürler geňeşiniň birinji mejlisi hem-de iki ýurduň eksport harytlarynyň bilelikdäki sergisi, şeýle hem «Täjigistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň ylmy edaralarynyň arasyndaky ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň ösüşi» atly «tegelek stoluň» başyndaky halkara maslahat geçirildi. Bu çäreler Türkmenistanyň Prezidentiniň Duşenbä saparynyň çäklerinde geçirilýär diýlip, «News Central Asia» habar berýär.
Ýeri gelende bellesek, ozal aprel aýynyň 10-11-ne Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrmagy meýilleşdirilipdi. Täjik elektron neşirlerinde habar berlişi ýaly, bu sapar we onuň çäklerinde meýilleşdirilen bilelikdäki çäreler Türkmenistanyň Prezidentiniň enesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly yza süýşürildi.

