Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, hanym Teri Hakala hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Adam hukuklary boýunça ýörite wekili Eamon Gilmor bilen duşuşyk boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, söhbetdeşler netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmekde, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm gurallaryň biri bolup hyzmat edýän parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.
Duşuşygyň barşynda soňky wagtda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda gazanylan ylalaşyklary kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigi bellenilip, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagy giňeltmek, netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, ony hil taýdan täze derejä çykarmak maksady bilen, ikitaraplaýyn parlamentara duşuşyklary we geňeşmeleri yzygiderli geçirmegiň zerurdygy nygtaldy. Şeýle-de Türkmenistanyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde ählumumy gün tertibiniň meseleleriniň, şol sanda belent ynsanperwerlik taglymlaryny we gymmatlyklaryny berkarar etmek meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen başlangyçlar bilen çykyş edýändigine aýratyn üns çekildi.
Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, şol sanda energetika, ulag we söwda ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemek ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy. Şu maksat bilen, tehnologiýa we maglumat serişdelerini alyşmagy ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy.
Şeýle-de söhbetdeşligiň dowamynda sanlylaşdyrmak meselelerine uly üns berildi.

