Pakistan bilen Özbegistan Owganystanyň üstünden geçýän täze demir ýol geçelgesiniň gurluşygynyň depginini güýçlendirmek barada ylalaşyga geldiler. Bu demir ýol geçelgesi Pakistan bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň, şol sanda Türkmenistanyň arasyndaky ýük gatnawlarynyň ýola sarp edýän wagtlarynyň gysgalmagyna we daşamalaryň bahalarynyň arzanlamagyna şert döreder. Owganystanyň üstünden geçýän täze demir ýol geçelgesiniň gurluşygy bilen bagly meseleler Pakistanyň wekiliýetiniň Özbegistana sapary mahalynda, Pakistanyň maliýe ministri Işak Dar bilen Özbegistanyň maýa goýumlar, senagat we söwda ministri Laziz Kudratowyň arasyndaky duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda taraplar taslamanyň gurluşygynyň depginini güýçlendirmek babatda ylalaşyk gazandylar. Bu barada daryo.uz habar berýär.
Bellenilişine görä, uzynlygy 600 kilometre, umumy bahasy 5 milliard amerikan dollaryna deň bolan Owganystanyň üstünden geçýän täze demir ýol geçelgesi Merkezi Aziýa döwletlerine Pakistanyň iri deňiz portlaryna çykmaga mümkinçilik berer. Taslamanyň işe girizilmegi bilen, Merkezi Aziýadan, şol sanda Türkmenistandan Pakistana ugradylan ýükleriň ýola sarp edýän wagty 35 günden 3-5 güne çenli, ýagny 10 esse azalar. Şeýle-de bu demir ýoluň işe girizilmegi netijesinde, Merkezi Aziýadan Pakistana ýük daşamalaryň bahasynyň hem 3 esse arzanlamagyna garaşylýar.
Çaklamalara görä, täze taslamanyň durmuşa geçirilmegi arkaly Merkezi Aziýa döwletleri bilen Pakistanyň arasyndaky ýük dolanyşygy ýyllyk 10 million tonna möçbere ýeter.

