Nýu-Ýorkdaky «Sotheby's» söwda öýünde geçirilen auksionda tirannozawryň kelleçanagy 6 million dollara satyldy diýip, «The Guardian» habar berdi diýip, «Rossiýskaýa gazeta» ýazýar.
Maksimus diýlip at berlen kelleçanak häzire çenli ele salnan tirannozawryň ýeke-täk doly kelleçanagy hasaplanýar.
Bu dinozawrlaryň galyndylarynyň auksionlardaky ilkinji satuwy däldir, öň hem «Christie's» söwdalaşyk öýünde Şen diýlip at berlen tirannozawryň ystyhany 25 million dollar baha bilen satuwa çykarylypdy, geçen tomusda «Sotheby's» öýi gorgozawr diýilýän görnüşiň galyndysyny 6,1 million dollara satypdy.
Londonyň tebigat muzeýiniň wekilleri dinozawrlaryň galyndylary öň, esasan, hünärmenler tarapyndan satyn alnan bolsa, indi olary hususy toplaýjylaryň hem uly gyzyklanma bilen satyn alýandygyny aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, muzeýleriň köpüsine hususy toplaýjylar bilen bäsleşmekde pul serişdesi ýetmeýär. Munuň üçin olara muzeýlere maliýe goldawynyň zerurdygyny nygtaýarlar.
