Eýranyň Mejlisi sesleriň köplüginiň goldawy bilen Respublikanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) girmegini goldady diýip, «Mehr» habarlar gullugyna salgylanýan «News.ru» ýazýar.
Gurama goşulmagy parlamentarileriň 205-si goldady, üçüsi garşy çykdy, dört deputat saklandy.
Eýranyň gurama agzalygynyň şerti ýurduň ŞHG tarapyndan häzirki döwre çenli kabul eden ähli resminamalaryny goldamakdan ybaratdyr, eger gurama golaý wagtda haýsydyr bir resminamany kabul etse, Eýranyň Mejlisi oňa garamaly we goldamaly bolar diýip, Yslam Geňeşiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň wekili Abolfazl Amuýi habar berdi. Ol guramada Russiýanyň we Hytaýyň agza bolup durýandygy sebäpli ykdysady alyş-çalşygyň möçberleriniň örän ýokarydygyny nygtady.
Öň RF-niň Prezidenti Wladimir Putin dünýä gurluşynyň özgerip başlandygyny, onuň çäklerinde dünýäniň köp polýarlyga, has demokratik we adalatly dünýä gurluşyna ymtylýandygyny aýdypdy.

