Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şol sanda ýurtda güýz-gyş ýyladyş möwsümine taýýarlyk görmek bilen baglylykda alnyp barylýan işlere garaldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Mejlisiň dowamynda degişli wise-premýerler hem-de ministrler, şeýle-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri güýz-gyş ýyladyş möwsümine taýýarlyk görmek boýunça alnyp barlan we häzirki wagtda dowam edýän işler barada hasabatlary berdiler.
Hasabatlarda ýurduň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde bug-gazan hojalygy, energetika, gaz, suw we jemagat hojalygy kärhanalarynyň 2022-2023-nji ýyllaryň gyş ýyladyş möwsüminde bökdençsiz hem-de howpsuz işini üpjün etmek boýunça geçirilýän çäreler barada aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, bu ugurda taýýarlyk işleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik barlaglary geçirildi. Şeýle-de ýurtda hereket edýän gaz we bug turbinalarynda, dürli güýjenmeli elektrik geçiriji howa ulgamlarynda, dürli kuwwatlyklardaky transformator beketlerinde abatlaýyş işleri meýilnama laýyklykda ýerine ýetirildi. Dürli howa şertlerinde esasy ulag gatnawly ýollarda ulaglaryň bökdençsiz hereketini üpjün etmek boýunça degişli işler geçirildi.
Mejlisde oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň beren hasabatynda ulgamyň maldarçylyk pudagynda mallaryň ýyly we dok gyşladylyşyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hem aýdyldy.
Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri öz hasabatlarynda häkimlikleriň degişli gulluklar bilen bilelikde 2022-2023-nji ýyllaryň gyş möwsüminde ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy hem-de ýylylyk bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek boýunça zerur taýýarlyk işlerini geçirýändigini habar berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde mekdeplerde, çagalar baglarynda, ýaşaýyş jaýlarynda hem-de durmuş ugurly beýleki desgalarda ýylylygyň üpjün edilmegine gözegçiligiň ýola goýlandygy, ýerlerde zerurlyga görä bejeriş-dikeldiş işleriniň geçirilýändigi barada hem aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, gyş möwsüminiň ýetip gelmegi bilen, ilaty, mekdepleri, çagalar baglaryny, hassahanalary, ýaşaýyş-durmuş desgalaryny, kärhanalary we guramalary ýyladyş, suw, elektrik energiýasy, gaz hem-de beýleki jemagat hyzmatlary bilen bökdençsiz üpjün etmekde ähli gulluklaryň sazlaşykly işini guramagyň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Bu meseleleriň çözülmeginde ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarynyň, aýratyn-da, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň jogapkärçilik çekýändiklerini belläp, wise-premýerlere anyk görkezmeleri berdi.

