Meşhur Loh-Ness mahlugyny öwrenijileriň biri onuň şu ýylda ilkinji gezek kölde görendigini habar berdi diýip, Mirror gazeti ýazýar diýip, “Rambler.ru” habar berdi.
Ýagny Eoin O’Faodhageýn atly tejribeli awçy eýýäm ençeme ýyl bäri Loh-Ness mahlugyny ýa-da Nessini kölde synlap gelýär, ol kölüň kenarynda gurnan wideokamerasy arkaly ony yzygiderli surata alýar, 23-nji martda ol surata alnan şekilleri synlap, geň wakanyň şaýady bolupdyr.
Eoin O’Faodhageýniň aýtmagyna görä, ol iki sany nämälim zady synlapdyr, olar biri-biri bilen deň hereket edipdirler. Ol öz synlan zatlarynyň Nessidigini gürrüň berýär. Emma internetden peýdalanyjylar wideoşekilleri synlap, Eoiniň haýsydyr bir ulurak zibili ýa-da agaç töňňesini surata düşürendigini belleýärler.
Öň 26 ýyllap yzarlamalaryň dowamynda Nessini 1136 gezek gören diýlip çak edilýän Geri Kempbell bu mifiki jandaryň bahar aýlarynda işjeňleşýändigini belläpdir.

