Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatyny mundan beýläk-de netijeli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de pugtalandyrmak, Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde kabul edilen iri möçberli, uzak möhletli taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmak, Türkmenistanyň döwlet bähbitlerini, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň raýatlarynyň hem-de ýuridik şahslarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Daşary işler ministrligine «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» esasy ugurlaryny göz öňünde tutup, 2022-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli:
Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2023 – 2030-njy ýyllar üçin Konsepsiýasynyň taslamasy barada teklipleri taýýarlamak;
Adalat ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça teklipleri taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek;
Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň düzümini döwrebap ösdürmek boýunça teklipleri taýýarlamak tabşyryldy.
Karara laýyklykda, Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Konsepsiýasyny işläp taýýarlamak boýunça hökümet iş topary döredildi. Şeýle hem resminama bilen Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Konsepsiýasyny işläp taýýarlamak boýunça hökümet iş toparynyň düzümi hem-de bu iş topary hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

