Konditer önümlerini we kemputlary öndüriji Mondelez International kompaniýasy şu ýylyň başyndan bäri olaryň bahasyny 8-10 göterim gymmatlatdy. Bu barada «Trend» TASS maglumat çeşmesine salgylanýar.
Kompaniýanyň konditer önümleri boýunça şahamçasynyň wise-prezidenti Ýewgeniý Kapustin munuň sebäbini hümmetsizlenmäniň ýokarlanmagy we çig malyň gymmatlamagy bilen baglady.
Ol kompaniýanyň eýýäm öz önümleri üçin çig malyň lomaý söwdasynda nyrhlaryň 50 göterime çenli teklip edilen ýagdaýyna duçar bolandygyny gürrüň berdi we öz meşhur önümleriniň hiliniň pese gaçmagyna ýol bermezlik maksady bilen, olary gymmatlatmagy maksadalaýyk hasaplandygyny nygtady.
Emma ol muňa garamazdan, kompaniýanyň sarp edijileriň, esasan-da çagalaryň arasynda meşhur bolan şokoladlaryny we kemputlaryny elýeterli etmek üçin çykdajy çekmäge-de taýýardygyny sözüniň üstüne goşdy.

