Angliýanyň düşek önümçiligi bilen meşgullanýan «Crafted Bed» kompaniýasy adaty däl wezipä işgär gözleýär.
«Mir24.tv»-niň habaryna görä, onuň etmeli işi kompaniýanyň täze önümleriniň biriniň üstünde uzynly günläp telewizora tomaşa edip, önümiň hili barada syn ýazmakdan ybaratdyr.
Her bir düşegiň rahatlygyny kesgitlemek üçin işçi hepdede, takmynan, 37.5 sagat wagt dynç almaly. Şol bir wagtyň özünde ol başga zatdan ünsüni sowup, ähli ünsi düşegiň hiline bermeli.
Kompaniýa munuň üçin işgäre her ýyl 24 müň funt tölär.

