Özbegistanyň Dzýudo federasiýasy Halkara Dzýudo federasiýasy bilen ulularyň arasyndaky 2021-nji byldaky dünýä çempionatyny Daşkentde geçirmek baradaky Ylalaşyga gol çekdi. Bu barada ýurduň Milli Olimpiýa komitetiniň resmi saýtynda habar berilýär.
Çempionatyň tutluşyklary Daşkent şäherindäki «Humo Arena» sport toplumynda geçiriler. Mundan ozalky, ýagny 2019-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilendigini ýatladýarys.
Dzýudo boýunça dünýä çempionaty Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän ýylyndan başga her ýyl geçirilýän halkara ýaryşdyr.

