Bütindünýä welosiped sürmek merkeziniň direktory 7 gezek dünýäniň çempiony Frederik Magne paýtagtymyza gelip türkmen türgenleriniň taýýarlygy bilen gyzyklanyp, olara maslahatlaryny berdi. Hünärmen Olimpiýa şäherjigindäki desgalara aýlanyp gördi. Welosport merkezinde bolan söhbetdeşlikde Frederik Magne milli ýygyndymyzyň taýýarlygyna niýetlenen meýilnamany teklip etdi. Ol 2020-nji ýylda paýtagtymyzda Trek boýunça geçiriljek Dünýä çempionatyna taýýarlyk bilen baglanşyklydyr. Bu meýilnama 2024-nji ýylda Olimpiýa oýunlaryna taýýarlygyň özboluşly tapgyryna öwürler.
BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde geçen 82-nji mejlisinde 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýen ýörite Rezolýusiýanyň kabul edilmegi we 56 döwletiň bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etmegi bilen geçen 2018-nji ýylyň 3-nji iýunynda dünýäniň ençeme ýurtlarynda ilkinji gezek bu baýram bellenilip geçildi. Sportuň bu görnüşiniň ýurdumyzda 125 ýyllyk taryhy bar. Ol gözbaşyny 1894-nji ýyldan-Aşgabatda ilkinji welosipedçiler jemgyýetiniň döredilmeginden alyp gaýdýar.
Frederik Magne 1969-njy ýylyň 5-nji fewralynda Fransiýanyň Orlean şäherinde dünýä inýär. Magne öz döwrüniň ussat welosipedçisi bolan. Ol Olimpiýa oýunlarynyň 4-ne gatnaşan türgen.

