Türkmenistanyň Prezidenti 28-nji fewralda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde täze obanyň gurluşygynyň Baş meýilnamasy bilen tanyşdy. Onuň ýaşaýjylary maldarçylyk, balykçylyk we gök ekerançylyk bilen meşgullanarlar.
Bu oba 68,8 gektar meýdany eýeläp, ol iki tapgyrda gurlar. Gurluşygyň birinji nobatdakysynyň çäklerinde 104 maşgala niýetlenen amatly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlary, şol sanda 50 sany, 4 otagly we 54 sany, 3 otagly kottej jaýlary gurlar. Şeýle hem 320 orunlyk mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, Saglyk öýi, söwda merkezi, Hyzmatlar öýi we seýilgäh bina ediler.
Onuň ikinji tapgyrynda 108 öýli, şol sanda 54 sany, 4 otagly we şonça 3 otagly öýleri bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak meýilleşdirilýär. Şunlukda, oba ýaşaýşynyň we türkmen durmuşynyň aýratynlyklary göz öňünde tutular. Şeýle hem jaýlaryň mellek ýerleri, hojalyk zerurlyklary üçin telärler, garaž we zerur bolan inžener-tehniki desgalar ýerleşdiriler. Oba ilaty arassa agyz suwy, tebigy gaz, elektrik energiýasy, aragatnaşyk ulgamlary bilen üpjün ediler. Bu ýerde bagy-bossanlyga büremek işleri geçiriler, asfalt ýollar çekiler.
Energetika ministri Ç.Pürçekow «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ýanyndaky obany elektrikleşdirmek üçin Serdar şäherindäki «Serdar» kiçi bekedinden 160 kilometrlik elektrik geçirijini gurmagyň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Mundan başga-da, Gün energiýasy institutynyň hünärmenleriniň teklibi boýunça täze obada gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmesi hökmünde Gün batareýalaryny gurnamak meýilleşdirilýär.
Geljekde elektrik önümçiligi üçin ýel energiýasyny hem peýdalanmak maksat edinilýär. Meýilleşdirilýän elektrik ulgamlarynyň gurluşygynyň çyzgylary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda adaty bolmadyk energiýa çeşmelerini giňden peýdalanmak, Gün we ýel energiýasyny ösdürmek üçin hemme mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. Şunuň ýaly özbaşdak toplumlar senagat merkezlerinden has uzakda ýerleşen etraplarda giden şäherçeleriň we maldarçylyk toplumlarynyň ýaşaýyş durmuşyny üpjün edip biler diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de döwletimiziň bu ulgamda täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak ugrunda türkmen alymlaryna islendik görnüşde ýardam etjekdigini belledi.
Soňra «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýew, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy B.Öwezow hem-de wise-premýer D.Amangeldiýew täze obany gurmagyň barşynda garamagyndaky kärhanalaryň ýerine ýetirjek işleri barada döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdiler.
Hususan-da, bu ilatly obany gazlaşdyrmak üçin Garabogaz obasynyň ýanynda sagatda kuwwaty 30 müň kub metr tebigy gaza barabar bolan gaz paýlaýjy desgany gurmak meýilleşdirilýär. Serdar şäherinden gaz paýlaýjy desga çenli diametri 325 millimetr bolan ýokary basyşly 35 kilometrlik magistral gaz geçirijisi gurlar. Täze obanyň özüne bolsa diametri 219 millimetr bolan 125 kilometrlik gaz eltiji şaha gurlar. Mundan başga-da, dürli ölçegdäki içerki gaz geçirijileriň umumy 15 kilometri çekiler.
Tele, radio we beýleki aragatnaşyk ulgamlary üçin, şeýle hem «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk üçin döwrebap enjamlar oturdylar.
Serdar şäherinden «Altyn asyr» Türkmen kölüne çenli iki taraply, umumy uzynlygy 170 kilometr bolan awtomobil ýoly çekiler. Köp gatly ýola ownuk çagylly we iri çagylly sowuk asfalt örtügi düşeler. Onuň binýadynda 10 santimetr galyňlygy bolan ownuk daş we 30 santimetrlikdäki çäge-gum garnuwy düşeler. Häzirki döwre çenli bu ýoluň 40 kilometrine asfalt örtügi düşeldi. 65 kilometrine daş düşeldi, ýoluň 65 kilometriniň ýeri taýýarlanyldy.
Şeýle hem şor suw akabalarynyň üstünden geçilýän köprüleriň birnäçesi gurlar.

