Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň mejlisler zalynda şanly waka — Berdimuhamet Annaýewiň “Edermenligi üçin” diýen medal bilen sylaglanylmagyna bagyşlanan dabaraly ýygnak geçirildi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň ýörite Permany bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Watany goramakda hem-de Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda esger borjuny ýerine ýetirmekde görkezen şahsy edermenligi, batyrlygy hem-de gaýduwsyzlygy üçin bu ýokary döwlet sylagyna mynasyp boldy.
Dabaraly çärä harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, harby ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we harby talyplary, medeniýet işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de beýlekiler gatnaşdylar.
Dabaraly ýygnaga gatnaşyjylaryň çykyşlarynyň her birinde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa ata Watanymyzyň goranyş kuwwatynyň pugtalandyrylmagy, harby gullukçylaryň işlemegi we ýaşaýyş-durmuşy ugrunda edýän ýadawsyz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi.
Dabara konsert bilen dowam etdi, harby gullukçylaryň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde watançylyk aýdymlary ýaňlandy.

