Daşoguz welaýat häkimligi welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde ýerine ýetiriljek düýpli abatlaýyş-gurluşyk işleri üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:
— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
— edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
— häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.
Bäsleşik teklipleri 2020-nji ýylyň 1-nji maýyna, sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 9-03-03, 9-03-14, faks: 9-30-85.

11.02.2024
67105

11.02.2024
64362

29.01.2024
40898

26.01.2024
36921