
1-nji noýabrda Sankt-Peterburgda «Russiýa ― meniň taryhym» seýilgähinde «Ruhubelent Türkmenistan» atly türkmen medeniýetiniň günleriniň açylyş dabarasy bolar. Şäheriň «Zenit» toparynyň futbolçysy, eýranly türkmen Serdar Azmunyň bu dabara hormatly myhmanlaryň hatarynda gatnaşmagyna garaşylýar.
Dabaralaryň myhmanlary onuň çäginde «Türkmenistan ― ruhubelentligiň sährasy» atly surat sergisini synlap bilerler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen alabaýy» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy bolsa bu çäreleriň iň täsirli pursatlarynyň biri bolar.
Agşamlyk myhmanlara dabaraly konsert, türkmen milli lybaslarynyň, şaý-sepleriniň sergisi garaşýar. Dabaralara Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasyndan, Sankt-Peterburgyň dolandyryşyndan we ýerli medeniýet-sungat işgärlerinden wekiller gatnaşar.

22.11.2025
1699

01.11.2025
8745

31.05.2025
25806

23.05.2025
22032