
3 ― 6-njy noýabr aralygynda Türkmenistanda «Rus kinosynyň günleri» geçiriler. Dabaralaryň çäginde rus kinematografiýasynyň görnükli wekilleri bilen duşuşyklar hem-de Aşgabat, Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde filmleriň görkezilişi bolar.
Rus kinematograflary türkmen tomaşaçylaryny täze filmleri bilen tanyşdyrarlar. Çäreleriň baş maksady bolsa, medeniýet ulgamyndaky, şol sanda kino sungatyndaky türkmen-rus hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmekden ybaratdyr.
«Rus kinosynyň günleri» Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrlikleri, dostlukly döwletiň ýurdumyzdaky ilçihanasy hem-de «Festsinema» kompaniýasy tarapyndan geçiriler.

22.11.2025
1874

01.11.2025
8944

31.05.2025
25972

23.05.2025
22069