

22.11.2025
1866

01.11.2025
8928

31.05.2025
25960

23.05.2025
22069
Türkmenistanyň Energetika ministrligi hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2019-njy ýylyň 12 — 14-nji sentýabry aralygynda «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergini we ylmy maslahaty geçirýär.
Guraýjy topar Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, ýurdumyzyň raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.
Serginiň iş wagty:
12-nji sentýabrda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
13-nji sentýabrda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
14-nji sentýabrda sagat 10:00-dan 15:00-a çenli.
Sergi Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 39-88-85/84/83/82/81/38, şeýle hem 37-94-49/09.