

22.11.2025
1971

01.11.2025
9057

31.05.2025
26056

23.05.2025
22078
«Türkmenhaly» önümçilik birleşigi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde 2019-njy ýylyň 26-njy maýynda Türkmen halysynyň milli baýramy mynasybetli «Dünýäniň bezegi türkmen halysy» atly halkara sergini geçirýär.
Guraýjy topar haly we haly önümleri bilen gyzyklanýan adamlary, Türkmenistanyň myhmanlaryny we ýaşaýjylaryny halkara sergini görmäge çagyrýar.
Serginiň iş wagty:
26-njy maýda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli.
Sergi Aşgabat şäheriniň Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 158-nji jaýynda ýerleşýän Türkmen halysynyň milli muzeýinde geçirilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 44-68-00, 44-68-06, 44-68-08, 44-68-12.
Sergä hoş geldiňiz!