Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Daşoguz welaýatynda suw howdanyny gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

0
5223
Salgysy:
г.Ашхабад, Арчабил шаёлы, 84.
Telefon belgiňiz:
44-46-64, 44-46-77.
Soňky täzelenme:

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň buýurmagynda Daşoguz welaýatyndaky Şasenem suwaryş akabasynyň suwuň syzylmagyna garşy örtükli, uzynlygy 100,2 kilometrden ybarat, sekuntda 60 kub metre çenli geçirijilik ukyby bolan täze hanasyny hem-de umumy göwrümi 90 million kub metr bolan suw howdanyny gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda ýerleşýän Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär. Haýyşnamalar 2022-nji ýylyň 19-njy awgustyna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler