Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär

0
12483
Salgysy:
Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýolunyň 143-nji jaýy.
Telefon belgiňiz:
(+99312) 21-04-63; faks belgisi: 21-04-93.
Pocta:
osushbank@tdob.gov.tm
Soňky täzelenme:

Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň «Mürçe» daýhan birleşiginiň çäginde 300 gektar ýer böleginde ekilen bag nahallaryny suwarmak üçin damjalaýyn suwaryş ulgamynyň taslamasyny düzmek, ony enjamlaşdyryp gurnamak we ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak şerti bilen, açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän taraplar degişli maglumatlary Döwlet ösüş bankyndan iş günleri sagat 9:00-dan 17:00-a çenli alyp bilerler. Bäsleşik boýunça teklipler şu bildirişiň ýerleşdirilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýolunyň 143-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+99312) 21-04-63; faks belgisi: 21-04-93.

Elektron salgysy: osushbank@tdob.gov.tm

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler