Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi baý tejribesi bolan kompaniýalary işe çekmek üçin halkara bäsleşik yglan edýär

0
3923
Salgysy:
г.Ашхабад, Арчабил шаёлы, 84.
Telefon belgiňiz:
+99312 44-45-53.
Pocta:
ashgabatcitywes@gmail.com
Soňky täzelenme:

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynyň gurluşygynda sanlylaşdyrmagyň ýokary tehnologiýaly ulgamyny ornaşdyrmak üçin bu ugurda baý tejribesi bolan maslahat beriji kompaniýalary işe çekmek üçin halkara bäsleşik yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda ýerleşýän Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň «Aşgabat-siti» Gurulýan desgalaryň direksiýasynyň daşary ykdysady gatnaşyklar bölüminde bellenilen tertipde kabul edilýär we resmileşdirilýär. 2022-nji ýylyň 9-njy fewralyna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçini telefon belgisi: +99312 44-45-53, faks belgisi: +99312 44-45-15.

Elektron salgysy: ashgabatcitywes@gmail.com

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler