Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi ýöriteleşdirilen kompaniýalary işe çekmek üçin halkara bäsleşik yglan edýär

0
4549
Salgysy:
г.Ашхабад, Арчабил шаёлы, 84
Telefon belgiňiz:
+99312 44-45-53,
Pocta:
ashgabatcitywes@gmail.com
Soňky täzelenme:

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynyň ýerleşjek ýeriniň inžener-geologik gözleg işlerini toplumlaýyn geçirmek üçin bu ugurda baý tejribesi bolan ýöriteleşdirilen kompaniýany işe çekmek üçin halkara bäsleşik yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda ýerleşýän Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň «Aşgabat-siti» Gurulýan desgalaryň direksiýasynyň daşary ykdysady gatnaşyklar bölüminde bellenilen tertipde kabul edilýär we resmileşdirilýär. Haýyşnamalar 2022-nji ýylyň 9-njy fewralyna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99312 44-45-53, faks belgisi: +99312 44-45-75.
Elektron salgysy: ashgabatcitywes@gmail.com

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler