Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bäsleşik yglan edýär

0
2487
Telefon belgiňiz:
44-22-12; 44-24-03.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 2021-nji ýylda ulanmaga berlen iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň açylyş dabaralaryndan pursatlary beýan etmek, şeýle-de täze açylan binalaryň aýratynlyklaryny filmleriň we wideorolikleriň üsti bilen açyp görkezmek maksady bilen, bäsleşik yglan edýär.

Hödürlenen filmlere we wideoroliklere döredijilik aýratynlygy, ýokary çeperçilik, reňk we yşyklandyryş, saz bezegi, many-mazmuny boýunça baha berler.

Şu talaplar boýunça ýeňiji bolanlara:

— bäsleşigiň baş baýragy (Gran-pri);

— bäsleşigiň eminler toparynyň baýragy gowşurylar.

Şeýle hem şu aşakdaky ugurlar boýunça ýeňijiler kesgitleniler:

— iň gowy režissýorlyk işi;

— iň gowy operatorlyk işi;

— iň gowy saz bezegi;

— iň gowy montaž bezegi.

Bäsleşik 2021-nji ýylyň 4-nji noýabry — 15-nji dekabry aralygynda geçirilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-22-12; 44-24-03.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler