Turkmenportal logo
01.07.20
6807768077
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Olimp» orta sport mekdebine 2020 – 2021-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän 2006 – 2007-nji ýyllarda doglanlar çagyrylýar
«Olimp» orta sport mekdebine 2020 – 2021-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän 2006 – 2007-nji ýyllarda doglanlar çagyrylýar
Salgysy:г. Ашхабад, ул. А.Гаррыева, 78.
Telefon belgisi:34-66-36, 34-66-15.

«Olimp» orta sport mekdebine 2020 – 2021-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän 2006 – 2007-nji ýyllarda doglan 7-nji synpy tamamlaýan (2013-nji ýylda 6 we 7 ýaşdan 1-nji synpa okuwa kabul edilen) okuwçylaryň tabşyrmaly resminamalarynyň sanawy.


1. Bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;


2. Maglumat, üç arkasy barada maglumat (elektron görnüşde aýratyn tabşyrmaly);


3. Dogluş hakynda şahadatnamanyň göçürmesi (3 sany nusga);


4. Ata-enesiniň ýa-da onuň ornuny tutýan raýatyň pasportynyň göçürmesi;


5. Yaşaýan ýerinden kepilnama (Forma № 3);


6. Okaýan mekdebinden ýetişigi barada şahsy jiltiniň göçürmesi we göçürmäniň dogrudygy barada mekdep direktorynyň goly bilen möhri basylan bolmaly, şol synpda okaýandygy barada kepilnama we häsiýetnama;


7. Saglygy barada kepilnama - forma 026 görnüşinde;


8. Saglygy barada kepilnama - forma 063 görnüşinde:


9. Döş kapasasynyň rentgenoskopiýasy we lukmanyň netijesi;


10. Ganyň topary we rezus-faktory;


11. Ganyň we peşewiň umumy barlagynyň netijesi;


12. EKG barlagy we barlagyň netijesi.


13. Inçe kesel, psih we deri dispanserlerinden kepilnama;


14. EFIOKG barlagy (ýürek);


15. Türgenleşýän sport görnüşinden sport derejesi baradaky hasap kitapçasy;


16. Çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň hödürnamasy;


17. 9 sany 3x4 ölçeginde surat.


«Olimp» orta sport mekdebine sportuň basketbol, futbol, grek-rim göreşi, erkin göreş, dzýudo göreşi, agyr atletika, boks we ýeňil atletika görnüşleri boýunça ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden okuwçylar kabul edilýär.


Okuwa girmäge isleg bildiren okuwçylaryň resminamalary 2020-nji ýylyň 1 – 20-nji iýuly aralygynda ýokarda görkezilen sport görnüşleri boýunça Aşgabat şäherinde – «Olimp» orta sport mekdebinde kabul edilýär. Okuwçylaryň medisina barlagy, synag esasynda saýlap almak bäsleşigi 2020-nji ýylyň 22 – 28-nji iýuly aralygynda geçirilýär.


SALGYSY: Aşgabat şäheri, A.Garryýew köçesi, jaý 78. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 34-66-36, 34-66-15.

Başga-da bu temada