Turkmenportal logo
02.11.24
2832628326
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen telekeçileri Tähranda geçiriljek halkara sergä çagyrylýar
Türkmen telekeçileri Tähranda geçiriljek halkara sergä çagyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky Ilçihanasy türkmen telekeçilerini dag-magdan senagatynyň, ýerasty baýlyklaryň we ýol gurluşygynyň 10-njy halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Bu iri çäre 2024-nji ýylyň 23-26 noýabry aralygynda Tähranda geçiriler.


Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň habar bermegine görä, sergi guramaçylary türkmen gatnaşyjylaryna ýörite şertleri, şol sanda dört ýyldyzly myhmanhana üç gije-gündizlik mugt ýerleşmegi, naharlanmagy we şäher içi ulagy hödürleýär. Mundan başga-da, çäräniň çäklerinde iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň täze hyzmatdaşlyk aragatnaşyklaryny ýola goýup biljek Biznes-forumy hem meýilleşdirilýär.


Gyzyklanýan telekeçiler sergä gatnaşmak üçin TSTB ýüz tutmaly. Goşmaça maglumaty serginiň www.iranconmine.com resmi web sahypasyndan alyp bolar.


Bu çäre senagat we tehnologiýalar ulgamynda türkmen-eýran söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.