Ispaniýanyň gündogaryndaky Walensiýa awtonom birligindäki sil joşgunlary netijesinde dereksiz ýitenleriň sany 250-ä deň bolup biler. Bu barada halas ediş gullugyna salgylanýan «El Español» gazeti habar berdi diýip, «Report» ýazýar.
Ýeri gelende bellesek, Ispaniýadaky görlüp-eşidilmedik sillerde heläk bolanlaryň sany 158-e ýetdi, emma heniz hem dereksiz ýitenler gözlenilýär.