Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň gutardyş synplarynda jemgyýeti öwreniş dersi boýunça synagyň soragnamalary - 2021ý.

0
31106
Soňky täzelenme:

«Mugallymlar gazeti» gazetinde Türkmenistanyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň gutardyş synplarynda jemgyýeti öwreniş dersinden geçiriljek synagyň soragnamalary çap edildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Milli bilim instituty tarapyndan taýýarlanan şol sanawy «Turkmenportal» hem okyjylary bilen paýlaşýar:

 

1-nji soragnama

  1. Jemgyýeti öwreniş dersi we ony öwrenmegiň ähmiýeti.
  2. Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde döwletiň goldawy.

 

2-nji soragnama

  1. Türkmenistanda bilim ulgamyndaky döwlet syýasaty.
  2. Türkmenistanyň saýlaw ulgamy.

 

3-nji soragnama

  1. Döwleti dolandyrmagyň görnüşleri.
  2. Häzirki zaman jemgyýetiň ahlak gymmatlyklary.

 

4-nji soragnama

  1. Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021- 2025­nji ýyllar  üçin Döwlet maksatnamasy.
  2. Ekologiki aň we ekologiki medeniýet.

 

5-nji soragnama

  1. Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň nusgasy.
  2. Hukuk ulgamy.

 

6-njy soragnama

  1. Türkmenistanda Milli Geňeşiň iki palataly ulgamynyň ähmiýeti.
  2. Adamyň dünýä we özüne akyl ýetirişi.

 

7-nji soragnama

  1. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçindir!” diýen syýasaty. Döwletiň maýyplar we howandarlyga mätäç çagalar baradaky aladasy.
  2. Adamyň iş hereketleri.

 

8-nji soragnama

  1. Bazar gatnaşyklary.
  2. Hukuk bozulmalary we ýuridiki jogapkärçilik.

 

9-njy soragnama

  1. Türkmenistanda adamyň we raýatyň konstitusion hukuklary, azatlyklary we borçlary.
  2. Medeniýet düşünjesi.

 

10-njy soragnama

  1. Türkmenistanda hukuk döwletiniň aýratynlyklary.
  2. Bähbitler we islegler.

 

11-nji soragnama

  1. Türkmenistanda raýat jemgyýetini kemala getirmek.
  2. Jemgyýetiň ruhy durmuşy.

 

12-nji soragnama

  1. Türkmenistanyň ykdysady syýasaty.
  2. Şahsyýet.

 

13-nji soragnama

  1. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň ýaşlary watançylyk, ruhy­ahlak taýdan terbiýelemekdäki ähmiýeti.
  2. Önümçilik gatnaşyklary.

 

14-nji soragnama

  1. Döwlet we onuň esasy alamatlary.
  2. Jemgyýet düşünjesi.

 

15-nji soragnama

  1. Jemgyýetçilik durmuşynyň esasy sferalary.
  2. Döwlet býujeti.

 

16-njy soragnama

  1. Türkmenistanda döwletiň milli medeni mirasy gorap saklamak baradaky syýasaty.
  2. Ylmy akyl ýetiriş.

 

17-nji soragnama

  1. Bazar we onuň jemgyýetiň, ykdysady durmuşyndaky orny.
  2. Sowatlylyk, bilimlilik we intelligentlilik.

 

18-nji soragnama

  1. Türkmenistanda innowasion tehnologiýalarynyň döwlet syýasaty.
  2. Jemgyýetiň sosial düzümi.

 

19-njy soragnama

  1. Türkmenistanyň syýasy ulgamy.
  2. Jemgyýetiň sosial durmuşy.

 

20-nji soragnama

  1. Jemgyýetleriň taryhy görnüşleri.
  2. Ýaşlaryň jemgyýetçilik guramalarynyň işine gatnaşmagy.

 

21-nji soragnama

  1. Sungat we onuň adamyň durmuşyndaky orny.
  2. Öndüriji güýçler.

 

22-nji soragnama

  1. Telekeçiligiň ykdysadyýetdäki orny.
  2. Hukuk ulgamy.

 

23-nji soragnama

  1. Türkmenistanyň bitaraplygynyň taryhy ähmiýeti.
  2. Önümçilik serişdeleri.

 

24-nji soragnama

  1. Halkara ynsanperwerlik hukugy.
  2. Ykdysadyýet we önümçilik.

 

25-nji soragnama

  1. Geografik gurşaw.
  2. Paýlamak düşünjesi.

 

26-njy soragnama

  1. Syýasy düzgünler.
  2. Ykdysady ulgamlar.

 

27-nji soragnama

  1. Türkmenistanyň tebigaty we daşky gurşawy goramak babatdaky döwlet syýasaty.
  2. Sarp ediş düşünjesi.

 

28-nji soragnama

  1. Türkmenistanda döwletiň demografik syýasaty.
  2. Biosfera we noosfera düşünjesi.

 

29-njy soragnama

  1. Türkmenistan halkara gatnaşyklary ulgamynda.
  2. Akyl ýetirişiň görnüşleri.

 

30-njy soragnama

  1. Ilaty durmuş taýdan goramak.
  2. Tebigy zehin, talantlylyk we genially.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler