Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýat häkimligi bäsleşik yglan edýär

0
33372
Telefon belgiňiz:
9-03-02, 9-40-33, faks: 9-03-14
Soňky täzelenme:

Daşoguz welaýat häkimligi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 12-nji aprelindäki «Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze, döwrebap şäherçäni gurmak hakynda» Kararyna laýyklykda Köneürgenç etrabynda gurulýan täze, döwrebap şäherçede 200 orunlyk medeniýet öýüniň gurluşygy ugrunda potratçylary seçip-saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.
Daşoguz welaýat häkimligi Daşoguz şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 10/1 jaýynda ýerleşýän welaýat häkimliginiň edara binasynda Size teklip edýär:
— gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza;
— edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
— hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;
— häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk işleri barada maglumat;
Bäsleşik teklipleri 2019-njy ýylyň 28-nji fewralyna, ýerli wagt bilen sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefonlarymyz: 9-03-02, 9-40-33, faks: 9-03-14.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler