Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlar boýunça görkezilen saglygy goraýyş maksatly
serişdeleri olaryň öndürijilerinden we öndürijileriň resmi wekillerinden satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär.
Lot 1 — Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezi üçin saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak;
Lot 2 — Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi üçin saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak;
Lot 3 — Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi üçin saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.
Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almak zerur.
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap ýazuw görnüşindäki arza tabşyrylanda berilýär.
Bäsleşik teklipli bukjalar şu bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda şu aşakdaky salgy boýunça kabul edilýär:
Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýolunyň 20-nji jaýy. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.
Habarlaşmak üçin telefon: 40-04-79.
Başga-da bu temada

Döwlet
|11.02.2024
67140
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär

Döwlet
|11.02.2024
64389
Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär

Döwlet
|29.01.2024
40915
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi harytlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Döwlet
|26.01.2024
36953