Soňky habarlar

Arhiw

TÜRKMEN DÖWLET MEDENIÝET WE SUNGAT MEKDEBI

0
5525

2018/2019-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:
1. Medeni-köpçülik çärelerini guramak.
2. Höwesjeň halk saz orkestrine ýolbaşçylyk.
3. Çagalar okaýşyny guramak.
4. Aktýorçylyk (halk teatr topary).
5. Kitaphana işini öwreniş.
6. Saz we yşyk bilen bezemek.
7. Iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi.
8. Muzeý işi we medeni ýadygärlikleri goramak.
9. Medeniýet öýlerinde režissýorlyk.
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2018-nji ýylyň 8—22-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— şahsy pasportyny;
— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2018-nji ýylyň iýul aýynyň 25-i, 27-si we 29-y günlerinde Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde (Aşgabat ş.) geçirilýär.
Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:
çagalar okaýşyny guramak; kitaphana işini öwreniş; iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi; muzeý işi we medeni ýadygärlikleri goramak hünärleri — türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, saýlanan hünäriň soraglary boýunça söhbetdeşlik;
medeniýet öýlerinde režissýorlyk; aktýorçylyk (halk teatr topary); medeni-köpçülik çärelerini guramak; höwesjeň halk saz orkestrine ýolbaşçylyk; ses we yşyk bilen bezemek hünärleri — saýlanan hünär boýunça ukybyny barlamak, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., Magtymguly şaýoly, 4; tel.: 27-21-22, 27-21-23.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler