Soňky habarlar

Arhiw

Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebi

0
17488
Salgysy:
улица героя Туркменистана Атамурата Ниязова, дом 135, Главный дом офицеров Министерства Обороны Туркменистана
Telefon belgiňiz:
+993 12 405967, +993 12 405968, +993 12 402741

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen
harby-deňiz mekdebine okuwa kabul etmegiň
TERTIBI

1. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine (mundan beýläk — Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebi) Türkmenistanyň raýaty bolan, 2017-nji ýylda umumy orta mekdepleriň 7-nji synpyny tamamlaýan, sagdyn pikirli, arassa ahlak sypatly, beden taýdan sagdyn, saglyk ýagdaýy boýunça mekdepde okamaga ýaramly we synaglardan üstünlikli geçen dalaşgärler okuwa kabul edilýär.
2. Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebinde okamaga isleg bildiren okuwçylar 2017-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli ýaşaýan ýerleri boýunça harby wekiliň adyna arza ýazýarlar. Arzada şular görkezilýär: ady, atasynyň ady, familiýasy, doglan senesi, ýaşaýan ýeriniň salgysy, okaýan mekdebiniň belgisi we salgysy.
Arzanyň ýanyna şu resminamalar goşulýar:
— dalaşgäriň ata-enesiniň harby wekiliň adyna ýazan arzasy;
— terjimehal we bellenen nusgada sowalnama;
— dogluş hakynda şahadatnamasynyň döwlet kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan nusgasy;
— okaýan umumy orta mekdebiniň 7-nji synpyndaky ýetişigi barada resminama (1-nji, 2-nji, 3-nji çärýeklerinden göçürme);
— 6 sany 3×4, 4 sany 4×6, 2 sany 9×12 ölçegde, ýerli harby wekillik tarapyndan tassyklanan surat;
— okaýan umumy orta mekdebinden häsiýetnama;
— Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebinde okamaga saglyk ýagdaýy boýunça ýaramlylygyna kepil geçilen lukmançylyk kartasy (narko, deri, inçekesel we psihonewrologiki hassahanalaryndan kepilnama);
— keselleriň öňüni alyş sanjymlary bellenýän kartasynyň (№063/h görnüşli saglygy goraýyş resminamasynyň) göçürmesi;
— ýaşaýan ýeri we maşgala ýagdaýy barada kepilnama;
— eger dalaşgäriň ejesi ýa-da kakasy aradan çykan bolsa, onda ölüm hakynda şahadatnamasynyň döwlet kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan nusgasy.
3. Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebinde okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden umumy orta mekdebiň okuw maksatnamasynyň çygrynda matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy hem-de beden taýýarlygy (kadalary ýerine ýetirmek) dersleri boýunça synaglar kabul edilýär.
4. Giriş synagyny tabşyryp, Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okuwa kabul edilen okuwçylar umumyýaşaýyş jaýy (ýatakhana), harby eginbaşlar we okuw serişdeleri bilen üpjün edilýär. Olara günde dört wagtyna nahar berilýär. Ýöriteleşdirilen harby mekdebi tamamlanlaryň Türkmenistanyň ýokary harby okuw mekdeplerine çagyryş boýunça harby gullugy geçmezden, umumy esaslarda okuwa girmäge hukugy bardyr.

Kabul ediş iş topary.

Çeşme: http://milligosun.gov.tm/harby-deniz-instituty

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň