TÜRKMENISTANYŇ OGUZ HAN ADYNDAKY INŽENER-TEHNOLOGIÝALAR UNIWERSITETI

0
42849
Soňky täzelenme:

2017/2018-nji okuw ýyly üçin bakalawrlary taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Himiýa we biotehnologiýalar (taýýarlygyň ugurlary: himiki tehnologiýa;  biotehnologiýa).

2. Metallurgiýa, maşyngurluşyk we materiallary işlemek (taýýarlygyň ugry: materiallary öwrenmek we täze materiallaryň tehnologiýasy).

3. Nanotehnologiýalar we nanomateriallar (taýýarlygyň ugry: nanomateriallar).

4. Tebigy ylymlar (taýýarlygyň ugry: ekologiýa we tebigatdan peýdalanmak).

5. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugurlary: informatika we hasaplaýyş tehnikasy; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary).

6. Awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak (taýýarlygyň ugurlary:

awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak; mehatronika we robot tehnikasy; innowatika).

7. Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary (taýýarlygyň ugry: elektronika we nanoelektronika).

 Uniwersitetde okuwlar tölegli esasda bakalawrlary taýýarlamagyň maksatnamasy boýunça 1 ýyl dil öwreniş bölüminde okuw taýýarlygyny geçeninden soňra, iňlis we ýapon dillerinde alnyp barlar.

 Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylyň 10-26-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Daşoguz welaýaty — iýul aýynyň 30-31-i, awgust aýynyň 3-i we 5-i günleri

Aşgabat şäheri  — awgust aýynyň 1-2-si, 4-i we 6-sy günleri

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 5-6-sy, 9-y we 11-i günleri

Mary welaýaty  — awgust aýynyň 7-8-i, 10-y we 12-si günleri

Balkan welaýaty  — awgust aýynyň 11-12-si, 15-i we 17-si günleri

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 13-14-i, 16-sy we 18-i günleri

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

himiki tehnologiýa; materiallary öwrenmek we täze materiallaryň tehnologiýasy; nanomateriallar taýýarlyk ugurlary — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

biotehnologiýa; ekologiýa we tebigatdan peýdalanmak taýýarlyk ugurlary — biologiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

informatika we hasaplaýyş tehnikasy; awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak; mehatronika we robot tehnikasy; elektronika we nanoelektronika taýýarlyk ugurlary — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; innowatika taýýarlyk ugurlary — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Ähli dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebärlere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

 Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., Köşi köçesiniň 100-nji jaýy, tel.: 39-16-73; 39-16-75.

 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler