Soňky habarlar

Archive news

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ENERGETIKA INSTITUTY

0
10333

2017/2018-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:



1. Energetika (hünärler: elektroenergetiki ulgamlar we torlar; ýylylyk elektrik stansiýalary; senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy; elektroenergetiki ulgamlaryň rele goragy we awtomatikasy; elektrik üpjünçiligi; gazturbina desgalary we dwigatelleri; adaty däl we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri; elektrik we ýylylyk energiýasyny öndürmegiň tehnologiýasy).



2. Tehnologik maşynlar we enjamlar (hünärler: metallary işläp bejermegiň tehnologiýasy we maşynlary; ýylylyk elektrik stansiýalarynda suwuň we ýangyjyň tehnologiýasy).



Tölegli esasda okadyljak hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary we hünärleri:



1. Pudak kärhanalarynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy (hünär: energetika pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy).



2. Kompýuter tehnologiýasy (hünärler: awtomatika we tehniki ulgamlarda dolandyryş; senagat elektronikasy; awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň maglumat howpsuzlygynyň toplumlaýyn üpjünçiligi).



Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.



Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylyň 10-26-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.



Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:



— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;



— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);



— umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);



— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;



— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;



— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;



— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;



— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.



Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:



— şahsy pasportyny;



— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.



Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.



Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.



Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Mary şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:



Aşgabat şäheri  — iýul aýynyň 30-31-i, awgust aýynyň 3-i we 5-i günleri



Daşoguz welaýaty  — awgust aýynyň 1-2-si, 4-i we 6-sy günleri



Lebap welaýaty — awgust aýynyň 7-8-i, 11-i we 13-i günleri



Balkan welaýaty — awgust aýynyň 9-10-y, 12-si we 14-i günleri



Mary welaýaty — awgust aýynyň 15-16-sy, 19-y we 21-i günleri



Ahal welaýaty — awgust aýynyň 17-18-i, 20-si we 22-si günleri



Giriş synaglary hünärmenleri taýýarlamagyň ähli ugurlary boýunça fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.



Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.



Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.



Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.



Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:



 — saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;



 — çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.



Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň salgysy: Mary ş., Baýram han köçesi, 62; tel.: 5-75-02, 5-75-03.



 


Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň