MAGTYMGULY ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET UNIWERSITETI

0
22381

1. Fizika we matematika (hünärler: matematika; amaly matematika we informatika; fizika; radiofizika we elektronika).



2. Kompýuter tehnologiýasy (hünär: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary).



3. Tebigy bilimler (hünärler: biologiýa; daşky gurşawy öwreniş; geografiýa; himiýa; kartografiýa; meteorologiýa; psihologiýa).



4. Ynsanperwerlik-durmuş bilimleri (hünärler: taryh; gündogary öwreniş; syýasaty öwreniş; arheologiýa; ylahyýet).



5. Dil we edebiýat (hünärler: türkmen dili we edebiýaty; iňlis dili we edebiýaty; nemes dili we edebiýaty; fransuz dili we edebiýaty; italýan dili we edebiýaty; arap dili we edebiýaty; türk dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty; žurnalistika).



6. Hukuk işi (hünär: hukuk öwreniş).



Tölegli esasda hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary we hünärleri:



1. Fizika we matematika (hünär: radiofizika we elektronika).



2. Kompýuter tehnologiýasy (hünär: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary).



3. Tebigy bilimler (hünärler: geografiýa; himiýa; psihologiýa).



4. Ynsanperwerlik-durmuş bilimleri (hünär: taryh).



5. Dil we edebiýat (hünär: iňlis dili we edebiýaty).



Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.



Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylyň 10-26-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.



Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:



— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;



— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);



— umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);



— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;



— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;



— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;



— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;



— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.



Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:



— şahsy pasportyny;



— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.



Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.



Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.



Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde

(Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:



Balkan welaýaty — iýul aýynyň 30-31-i, awgust aýynyň 3-i we 5-i günleri



Mary welaýaty — awgust aýynyň 1-i-2-si, 4-i we 5-i günleri



Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 6-7-si, 10-y we 12-si günleri



Lebap welaýaty — awgust aýynyň 8-9-y, 11-i we 12-si günleri



Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 13-14-i, 17-si we 19-y günleri



Ahal welaýaty — awgust aýynyň 15-16-sy, 18-i we 19-y günleri



Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:



matematika; amaly matematika we informatika; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hünärleri — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;



fizika; radiofizika we elektronika hünärleri — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;



biologiýa hünäri — biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;



himiýa hünäri — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;



geografiýa; daşky gurşawy öwreniş hünärleri — geografiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;



kartografiýa; meteorologiýa hünärleri — geografiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;



psihologiýa hünäri — biologiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;



taryh; arheologiýa; gündogary öwreniş; syýasaty öwreniş; ylahyýet hünärleri — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş;



türkmen dili we edebiýaty; žurnalistika hünärleri — türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;



iňlis dili we edebiýaty; fransuz dili we edebiýaty; nemes dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty; türk dili we edebiýaty; arap dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty hünärleri — saýlap alan hünär dili boýunça ýa-da iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;



italýan dili we edebiýaty hünäri — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;



hukuk öwreniş hünäri — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş.



Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.



Degişli dil öwredýän derslerden başga, ähli dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.



Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.



Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:



— mugallymçylyk mekdebini tamamlan we mugallymçylyk ugrundan 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar (mugallymçylyk hünärlerine);



— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler;



— hukuk öwreniş hünärine girýänler üçin hukuk goraýjy edaralarda 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi hem-de şol edaralaryň döwlet we welaýat derejesindäkilerinden hödürnamasy bolanlar.



Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň



salgysy: Aşgabat ş.,Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31; tel.: 94-69-90, 94-54-29.


Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň