Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli döwrebaplaşdyrylan Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, ir bilen Aşgabat atçylyk sport toplumynda köpöwüşginli baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Bu ýere ýygnananlar Prezident Serdar Berdimuhamedowy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.
Toplumyň girelgesinden esasy münber binasyna çenli uzap gidýän ýoluň ugrunda Arkadag we Aşgabat şäherleriniň, ýurduň welaýatlarynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýolugruna medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdi. Joşgunly çykyşlar dabara türkmen toýlaryna mahsus hakyky baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti esasy münber binasyna bardy we ol ýerden baýramçylyk at çapyşyklaryna tomaşa etdi.
