2024-nji ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanyň ykdysadyýetine goýlan maýa goýumlaryň mukdary 12,1 milliard dollardan geçdi, bu bolsa öňki ýyl bilen deňeşdirilende 9 % köp. Muny TIF 2025 maýa goýum forumynda ýurduň maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow mälim etdi.
"2024-nji ýylyň ahyryna çenli ýurdumyzyň ykdysadyýetine maýa goýumlary 12,1 milliard dollardan geçdi we 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 9 % ýokarlandy" diýip, ministr belledi.
Astanagulow daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýynyň umumy maýa goýumynyň 11,6 %-ini tutandygyny we 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 1,4 % ýokarlanandygyny aýtdy. Umuman alanyňda, daşary ýurt maýa goýumlary, takmynan, 5 milliard manat bolup, 25 % ýokarlandy.
Ministr häzirki salgyt syýasatynyň maýa goýum işjeňliginde oňyn dinamika goşant goşýandygyny aýtdy. Soňky 20 ýylda salgyt ýüküniň derejesi üýtgemedi.
Türkmenistana maýa goýumlar üçin iň ileri tutulýan ugurlar nebit-gaz senagaty, nebithimiýa, energetika, gurluşyk we senagat toplumydyr.
